Ylmy-barlag işleri

107

YLMY-BARLAG IŞLERI

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 13-nji noýabrynda çykaran 14488-nji Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutlýan ugurlary we olar boýunça alnyp barylmaly ylmy-barlag işleriň sanawyna» laýyklykda, Türkmen döwlet maliýe institutynyň kafedralary we «Ösüş» ylmy-barlag merkezi tarapyndan jemi 11 sany ylmy temadan ylmy-barlag işleri alnyp barylýar. Ylmy temalaryň 10 sanysy Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda döwlet belligine alnandyr we 1 sany tema institutyň Alymlar geňeşinde makullanyp kafedranyň derejesinde ýerine ýetirilýär. Ylmy temalar boýunça ýerine ýetirilýän ylmy barlaglar amaly häsiýete eýedir.

Türkmen döwlet maliýe institutynda häzirki wagtda aşakdaky ylmy temalar boýunça ylmy-barlag işleri ýerine ýetirilýär:

1Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşini seljermegiň we çaklamagyň ylmy-usuly esaslary
2Türkmenistanda durnukly ösüşi üpjün etmekde daşary söwdanyň tutýan orny
3Optimallaşdyrmagyň sistemalaýyn-dinamiki modellerini innowasion usullarda çözmek (Milli ykdysadyýetiň ýangyç senagatynyň mysalynda)
4Kiçi we orta telekeçilikde önümçiligiň ykdysady netijeliligine seljerme bermegiň programmalaş-dyrylmagyny kämilleşdirmek
5Türkmenistanda töwekgelçilik hadysalarynyň ätiýaçlandyrylyşy we ony kämilleşdirmegiň ýollary
6Kesgitsizlikde ulag meseleleriniň optimal çözülişi (Ulag ulgamynyň mysalynda)
7Maglumatlar meýdançasyny döretmegiň tehnologiýalary
8Kärhanalaryň marketing strategiýasyny kämilleşdirmekde işewürlik iňlis diliniň ähmiýeti
9Salgyt ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy
10Beýik Yüpek ýoly: Türkmenleriň Beýik Parfiýa döwletiniň ykdysady ösüşi
11Ykdysady ylymlaryň ösmeginiň döwürleri we görnükli alymlary

Türkmen döwlet maliýe institutynyň professor-mugallymlary we ylma höwesjeň talyplary ylmy-barlag işlerine ýerine ýetirmäge işjeň gatnaşýarlar. Olar alyp barýan ylmy barlaglarynyň aralyk netejeleri boýunça taýýarlan ylmy nutuklary bilen ylmy-amaly maslahatlarda yzygiderli çykyşlary edýärler, döwürleýin neşirlerde ylmy makalalary çap edýärler. Ylmy barlaglaryň netijelerini önümçilige ornaşdyrmak boýunça esaslandyrylan teklipler degişli ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna hödürlenilýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2008-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda çykaran 9378-nji karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda ylmy işgärleri taýýarlamak hakynda Düzgünnama» laýyklykda, Türkmen döwlet maliýe institutynda ylmy-pedagogik işgärleri taýýarlamaklyga aýratyn ähmiýet berilýär. Häzirki wagtda institutyň mugallymlaryň köpüsi Türkmenistanda ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça alymlyk derejesini almak üçin saýlanyp alnan ylmy temalar boýunça dissertasiýa işlerini ýerine ýetirýärler.

Paýlaş

Ylmy gurnaklar

YLMY-BARLAG IŞLERITürkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 13-nji noýabrynda ç [...]

Salgymyz:

744027, Aşgabat ş., 1987 köç. (Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýoly), 112.
744027, г. Aшхабад,  1987 (проспект Героя Туркменистана Атамурада Ниязова), 112.
744027, 112, 1987 str. (Hero of Turkmenistan Atamyrat Nyyazov ave.), Ashgabat c.
Fax: +993 12 496299

Telefon belgiler:
+993 12 496309